WHOIS

Whois, hasaba alnan domeniň ýa-da IP adresiniň kime degislidigini görkezýän serwisy. Domeniň kime degislidigini biliň!

IP adresiniz 172.71.194.40
Soralýan ...

Domeniň elýeterliligini barlaň

Domen salgysynyň eýesniň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin domeni WHOIS serwisine ýazyň

Isleýän domeniňiziň
eýesini tapyň

Domen salgysyny gözledeniňizde, ähli domen maglumatlary, şol sanda hasaba alyş ýagdaýy, kime degişlidigini, döredilen wagtyny we gutarýan wagtyny ýaly maglumatlary öwrenersiňiz.

Domen salgynyň haçan gutarjakdygyny biliň

Domen salgysyny satyn almak isleseňiz, domeniň gutarýan wagtyny bilmek peýdaly bolar. Bul hem domeni siziň satyn almagyňyza mümkinçilik döreder.

IŇ KÖP GYZYKLANAN SORAGLAR

Wajyp Soraglar

Whois Domen näme?

Whois maglumat anyklaýyjy serwisi bilen domen barada köp maglumaty öwrenip bilersiniz. Iň gyzykly soraglaryň biri bolsa, domeniň eýesi kim? diýen soraga jogap tapyp bilersiňiz. Whois serwisini ulanyp, aşakdaky maglumatlary tapyp bilersiňiz.

  1. Domeniň eýesi kimdigini
  2. Domeniň hasaba alnan wagty
  3. Domeniň täzelenme wagty
  4. Domeniň gutarýan wagty ýaly köp maglumatlary bilersiňiz.

Whois maglumat anyklaýyjy serwisi nähili işleýär?

Whois maglumat anyklaýyjy serwisi, degişli ygtyýarly IP adresleri arkaly Resgistry kompaniýasyna ýa-da Whois maglumat anyklaýyjy serwisine ýörite şertnamalar bilen resmi kätipleriň ýöriteleştirilen howpsuzlyk şertlerini anyklap, maglumat bazasyna ibermek arkaly amala aşyrylýar.

Gizlin WHOIS hasaba alyş/maglumaty näme?

Käbir domenleriň maglumatlary gizlenendir. Muňa domen whois goragy (WHOIS PROTECTION) diýilýär. Whois goragy astynda bolan domenleriň eýelerine ýa-da maliýe guramasyna şeýle-de tehniki dolandyryjylara ýüzlenmek üçin whois maglumatlarynyň gizlinligini göz öňünde tutýan proxy (wekil) salgysyna habar bermek zerurdyr. Whois goragy serwisleri, ICANN düzgünlerine laýyklykda, maglumatlary öz üsti bilen gizlenen domeniň hakyky eýesine hökman habar bermeli. Bu düzgün esasynda beýannama hökmünde kabul edilendigi sebäpli, WHOIS maglumaty gizlenen domenleriň hakyky eýesi bilen habarlaşmak üçin şahsy maglumatlarynyň dogrylydygy we iň täze bolmagy ilkinji nobatda domen eýesiniň jogapkärçiliginde.

Whois maglumatlarynyň takyklygy?

ICANN, WHOIS maglumatlary mümkin boldugyça takyk saklamak üçin döredilen görkezmeleri berýär. Domen eýeleriniň aragatnaşyk maglumatlarynyň üýtgäp bilýändigi sebäpli, Atak Domain ýaly domen registratorlary domen eýelerine her ýyl WHOIS domen maglumatlaryny gözden geçirmäge we üýtgetmäne mümkinçilik bermeli. ICANN düzgünlerine laýyklykda, bu maglumatlary täzelenmeginden ýüz öwürmek ýa-da nädogry maglumat bermek bilen domen atlarynyň togtadylmagyna ýa-da ýatyrylmagyna sebäp bolup biler. Mundan başga-da, ICANN internet ulanyjylaryna WHOIS domen barada maglumatlarynyň ýoklugyny ýa-da nädogrydygyny duýduryp we arz etmäge mümkinçilik berilýär. Şeýle ýagdaýlarda, domen registratorlary maglumatlary tiz wagtda düzetmeli we anyklamalydyr. Bu tassyklamanyň üsti bilen, ICANN maglumatlaryň takyklygynyň iň ýokary derejesini üpjün etmegi maksat edinýär.

Whois maglumatlary nädip täzelemeli?

WHOIS şahsy maglumatlaryňyzy Atak Domain domen dolandyryş hasabyňyza girip täzeläp bilersiňiz. Bu ädim birnäçe aňsat görnüşde sazlamany tamamlanar, şahsy maglumatlaryny bir birden ýa-da umumy täzeläp bilersiňiz. Şahsy maglumatlaryňyzy hemişe täzeläp durmak, ICANN düzgünlerine boýun bolmak we WHOIS hatlaryny dogry elektron poçta arkaly almagyňyzy üpjün etmek möhümdir

Domeniň gizlin bolmagy näme üçin zerur?

Domen gizlinligi işjeňleşdirilmedik ýagdaýynda, her bir ulanyjy siziň maglumatyňyzy görüp biler. Netijede, islenmeýän elektron poçta hatlary we SMS almagyňyz ähtimal.

Whois haýsy maglumatlary görkezilýär?

Whois gizlinlik işjeň däl bolsa, Whois serwisinde maglumatlaryňyzy görüp bilersiňiz. Whois gizlinlik işjeň bolsa, hiç hili maglumat görkezilmeýär. Eğer Whosis gizlinlik işjeň däl bolsa, onuň maglumatlaryny aşakdaky ýaly;

  1. Domen eýesiniň ady we familiýasy,
  2. Domen eýesiniň salgysy,
  3. Domen eýesiniň elektron poçtasy,
  4. Domen eýesiniň telefon belgisi ýaly şahsy maglumatlar görkezilip bilner.

Whois maglumaty gizlemelimi?

Whois maglumatlary gizlenmegi şahsy islegine bagly, ýöne muny gizlemegi maslahat berýäris. Munuň sebäbi, hiç hili Whois gorag ýok bolsa, ähli şahsy maglumatlaryňyzy (Adyňyz, familiýaňyz, elektron poçtaňyz, telefon belgiňiz we ş.m.) hemmeler görüp biler. Bu maglumatlaryň gizlinligine zeper yetirer. Mundan başga-da, telefonyňyzdaky elektron poçta we spam hatlary köp gelip biler.

RDAP (Hasaba alyş maglumatlaryna giriş protokoly) näme?

Internet inžener iş topary tarapyndan döredilen RDAP, ulanyjylara bar bolan hasaba alyş maglumatlaryna girmäge mümkinçilik berýär.

Whois maglumatlary ICANN Whois maglumatlar bazasynda saklanýarmy?

Giňeldilýän üpjünçilik protokoly (EPP) , domen hasaba alyş satus ýagdaýyny görkezýär. EPP kody bilen domen salgyňyzyň status ýagdaýyny aňsatlyk bilen düşünip bilersiňiz. Kodlar barada giňişleýin maglumaty ICANN EPP kod teswirleri arkaly bilip bilersiňiz.

Whois serwiseny ulanmak mugtmy?

Hawa, domen atlary barada maglumatlary mugt gözlemek üçin serwisymyzy ulanyp bilersiňiz. Mundan başga-da, gözlegleriň mukdary çäksiz bolup, islän wagtyňyzda ulanyp bilersiňiz. Saýtyň eýesini bilmek peýdaly bolyp biler.

Näme üçin Whois hasap maglumatlary gizlin?

Domen eýeleri Whois Gizlinlik Goragyna ýüz tutup bilerler we domeniň goragyny üpjün etmek üçin maglumatlary proksi serwer bilen çalşar. Käbir maglumatlar, ýerli maglumatlary goramak we GDPR ýaly gizlinlik kanunlaryna laýyklykda domen üpjün edijileri tarapyndan gizlenip bilner.

Bir domeni satyn almak üçin Whois serwisyny ulanyp bilerinmi?

Hawa. Serwisimyzy ulanyp, bir domen gözläniňizde, Whois gözleg netijesinde domeni satyn alyp boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny görkezer. Eger domen alynmadyk bolsa, derrew satyn alyp bilersiňiz.

background